Turkmenportal logo
Şu gün 12:17
34863486
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Geýji bilen Pimblett UFC-niň wagtlaýyn guşagy ugrundaky tutluşykdan öňki «garşylykly bakyş» söweşini geçirdiler

24-nji ýanwardan 25-nji ýanwara geçilýän gije Las-Wegas şäherindäki «T-Mobile Arena» meýdançasynda UFC 324 ýaryşy geçiriler. Onuň esasy wakasy ýeňil agram derejesinde wagtlaýyn çempionlyk guşagy ugrunda amerikaly Jastin Geýji bilen britaniýaly Paddi Pimblettiň arasynda geçiriljek tutluşyk bolar — diýip, mma.metaratings.ru saýty ýazýar.

Bu duşuşyk köp ýyllaryň tejribesi bolan, ýeňiş ugrunda ençeme kyn söweşlerden geçen weteran bilen, uly maksatlary bolan ýaş dalaşgäriň arasyndaky nusgawy tutluşyk hökmünde häsiýetlendirilýär. 37 ýaşly Jastin Geýji tomaşaçylary haýran galdyrýan söweş stili üçin «Haýlaýt» lakamy bilen tanalýar. Ol soňky gezek 2025-nji ýylyň mart aýynda UFC 313 ýaryşynda çykyş edip, azerbaýjanly Rafael Fiziýewi eminleriň biragyzdan karara gelmegi bilen ýeňipdi. Amerikaly söweşijiniň hasabynda 26 ýeňiş we bäş ýeňliş bar.

«Beddi» lakamy bilen tanalýan 31 ýaşly Paddi Pimblett bolsa soňky gezek 2025-nji ýylyň aprel aýynda UFC 314 ýaryşynda oktagona çykyp, üçünji raundda Maýkl Çendleri tehniki nokaut bilen ýeňdi. Britaniýaly söweşijiniň sport ýolunda 23 ýeňiş we üç ýeňliş bar, şol bir wagtyň özünde ol UFC-de henize çenli ýedi ýeňişden ybarat bolan ýeňlişsiz tapgyry bilen çykyş edýär.

Ýaryşyň esasy söweşiniň Aşgabat wagty bilen 25-nji ýanwarda irden sagat 09:00 töwereklerinde başlanmagyna garaşylýar.

Amerikaly Jastin Geýji bilen britaniýaly Paddi Pimblett tutluşykdan öň «garşylykly bakyşy» geçirip, onuň öňde boljak duşuşygyň nähili çynlakaý geçjekdigini görkezdi.

Häzirki wagtda ýeňil agram derejesi durnuksyz ýagdaýda galýar: Islam Mahaçew başga agram derejesini synap görmek üçin çykdy, Ilýa Topuriýa bolsa wagtlaýynça işjeň ýaryş tapgyryndan daşarda galdy. Geýji – Pimblett söweşiniň ýeňijisi ýeňil agram derejesinde ýeňlişsiz çempion Ilýa Topuriýa bilen tutluşyga dalaşgär bolar.

Iki söweşiji üçin hem bu duşuşygyň ähmiýeti örän uludyr. Geýjiniň tälimçisi Trewor Wittman aç-açan beýan edip, bu tutluşykda ýeňlişe sezewar bolsalar, mundan beýläk çykyş etmejekdiklerini aýtdy. Weteran üçin bu UFC çempionlyk adyny gazanmak üçin, ähtimal, soňky mümkinçilikdir. Pimblett bolsa garşydaşlarynyň derejesi boýunça aýdylýan tankytlara garamazdan, diwizionyň öňdäki orunlarynda bolmaga mynasypdygyny subut etmegi maksat edinýär.

Bukmeýkerler söweşde britaniýaly Pimblettiň ýeňiş gazanmagyna has köp mümkinçilik berýärler, emma Geýjiniň uly tejribesi we güýçli urgulary bu duşuşygyň örän çaklap bolmajak boljakdygyny görkezýär.