Turkmenportal logo
Şu gün 11:40
37313731
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Alymlar 55 müň adamda koka-kola bilen depressiýanyň arasyndaky baglanyşygyň bardygyny anykladylar

Alymlar 55 müň adamyň maglumatlaryny seljerip, koka-kolany we beýleki süýji gazly içgileri yzygiderli ulanmak bilen psihiki bozulmalaryň arasynda arabaglanyşygyň bardygyny anykladylar.

Barlagyň netijelerine görä, şeýle içgileri yzygiderli içýän adamlarda depressiýanyň döremek howpy olary ulanmaýanlara garanyňda takmynan 40 göterim ýokary bolup çykdy — diýip, Toпор Live Telegram kanaly habar berýär.

Şeýle-de koka-kolany we şeker mukdary ýokary bolan şuňa meňzeş gazly içgileri yzygiderli ulanýan gatnaşyjylaryň arasynda howsalaly ýagdaýlaryň  we beýleki psihiki meseleleriň ýüze çykma ýygylygynyň artandygy hasaba alnypdyr.

Hünärmenleriň pikirine görä, bu täsiriň mehanizmi ganyň düzümindäki glýukoza we insulin derejesiniň birdenkä üýtgemegi bilen baglanyşyklydyr. Süýji içgi içilenden soň bu görkezijiler çalt ýokarlanýar, onuň yzyndan bolsa şonça-da çalt peselme bolup geçýär.

Alymlar şeýle üýtgäp durmalar adam bedeni üçin goşmaça agram döredip, bu ýagdaýyň gaharlylygyň artmagy we howsalalylygyň güýçlenmegi görnüşinde ýüze çykyp biljekdigini çaklaýarlar.