ABŞ-nyň Missisipi ştatynda hakyky awtoulag hazynasy tapyldy, ol barada az sanly adam bilýär. Şun atly toplaýjy geçen asyryň ortalarynyň awtoulaglarynyň eýesidir, emma olaryň köpüsi gözgyny ýagdaýda giden meýdanda çüýräp ýatyr diýip, «rg.ru» ýazýar.
Şunuň kolleksiýasynda onlarça Chevrolet Camaro, birnäçe Dodge Challenger we Chevrolet Nova kysymlary bar. Eýesi olaryň uly böleginiň 1960 we 1970-nji ýyllarda öndürilendigini gürrüň berýär. Emma onuň ulaglarynyň köpüsini, meselem, Camaro kysymlaryny dikeldip bolmasa gerek, sebäbi olardan diňe pos basan daşy galypdyr.
Tokaý agaçlary ulaglaryň hereketlendirijileriniň içinden geçip, depesini deşipdirler. Käbirleriniň bolsa ulagdygyna-da ynanmak kyn. Şun indi ulaglaryny abatlamaga meýliniň ýokdugyny, eger müşderi tapylsa, satmaga razydygyny aýdýar.
Wideony internetde çap eden «Youtube»-ýaýlymyň awtory ulaglara täze ömür bermäge isleg bildirýän adamlar üçin ulaglaryň eýesiniň telefon salgysyny ýerleşdiripdir.