Turkmenportal logo
Şu gün 10:37
46234623
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan 2027-nji ýyly «GDA-nyň ulag arabaglanyşygynyň ýyly» diýip yglan etmegi teklip eder

Türkmenistan GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde 2027-nji ýyly «GDA-nyň ulag arabaglanyşygynyň ýyly» diýip yglan etmegi teklip eder. Bu barada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi, GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparyň başlygy Esen Aýdogdyýew Moskwada geçirilen mejlisde beýan etdi.

«Türkmenistan başlyklyk edýän döwrüni ykdysady, ulag we energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary öňe sürmek üçin peýdalanmagy maksat edinýär… Ýewraziýa, Hazar, Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar sebitleriniň giňişliklerini baglanyşdyrýan halkalaýyn düzüm hökmünde GDA-nyň logistiki mümkinçiliklerine aýratyn üns berler. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, Türkmenistan 2027-nji ýyly «GDA-nyň ulag arabaglanyşygynyň ýyly» diýip yglan etmegi teklip eder» – diýip, diplomatyň sözlerini Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi getirýär.

Aýdogdyýewiň sözlerine görä, Türkmenistan başlyklyk edýän döwründe GDA ýurtlarynyň arasynda ykdysady, ulag we energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary öňe sürmegi meýilleşdirýär. Ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň esasy ugruny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin GDA-nyň ykdysady ösüş strategiýasy kesgitlär – diýip, ilçi belledi.