Turkmenportal logo
Şu gün 10:18
41744174
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Halkara zähmet guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär

Ozal habar berşimiz ýaly, 23-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Halkara zähmet guramasy bilen hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi.

TDH-niň habarlar habar berlişi ýaly, Türkmenistan Halkara zähmet guramasy bilen köptaraplaýyn kolleksiýalaryň çäklerinde mynasyp zähmeti üpjün etmek we zähmet gatnaşyklarynda ähli taraplaryň hukuklaryny goramak maksady bilen degişli işler geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, ýurduň hökümetiniň arasynda bu gurama bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin Ýol kartasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk alnyp baryldy. Bu hyzmatdaşlygyň oňyn netijelerini göz öňünde tutup, Daşary işler ministrligi bu Ýol kartasynyň 2026-njy ýylyň soňuna çenli uzaldylmagyny hem-de onda göz öňünde tutulan çärelere ýurduň degişli döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyny teklip edýär. Ýol kartasynyň çäreleri birnäçe möhüm wezipeleri ýerine ýetirmäge gönükdirilendir. Onuň çäklerinde mejbury zähmetiň, şol sanda çagalar zähmetiniň öňüni almak boýunça syýasy hukuk binýadyny pugtalandyrmak esasy ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şonuň bilen bir hatarda, milli kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem hukuk taýdan ähmiýetli çäreleri ulanmakda işleriň güýçlendirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, zähmet hukuklaryny goramak bilen bagly döwlet edaralary we kärdeşler arkalaşyklary bilen maksada laýyk işleri alyp barmak göz öňünde tutulýar. Şonuň ýaly-da has giň özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen zähmet hukuklarynyň degişli görkezijilerini ösdürmek, maglumatlary toplamak we seljermek boýunça bilimler binýadyny döretmek meýilleşdirilýär. Çaga zähmetiniň öňüni almak boýunça syýasaty we amaly çäreleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Daşary işler ministrliginiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň we degişli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň wekilleriniň Halkara zähmet guramasynyň wekilleri we bilermenleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary yzygiderli geçirmeklik teklip edilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, beýan edilen teklipleri makullady hem-de wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.