Turkmenportal logo
Şu gün 09:06
59025902
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ABŞ-nyň goşun ministri türkmen tarapyna myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi

ABŞ-nyň goşun ministri Deniel Driskoll Türkmenistana iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda ol Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, şeýle-de ýurduň Goranmak ministrliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Bu barada ABŞ-nyň resmi wekiliniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berildi.

Duşuşyklara ýörite wekil Serhio Gor hem gatnaşdy. Driskollyň sözlerine görä, duşuşyklarda howpsuzlyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyklaryň dowamynda taraplar Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge umumy ygrarlydyklaryny tassykladylar. ABŞ-nyň goşun ministri türkmen tarapyna myhmansöýerlik we açyk dialog üçin minnetdarlyk bildirdi.