Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili, ABŞ-nyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Serhio Gor bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak, ynanyşmak, düşünişmek ýörelgelerine esaslanyp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýar.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili, ABŞ-nyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Ýeri gelende bellesek, Serhio Gor şu gün Aşgabatdaky Döwlet sirkine baryp gördi. Bu ýerde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparlarynyň çykyşlaryna tomaşa etdi. Şeýle hem myhman paýtagtyň eteginde ýerleşýän taryhy ýadygärlikler bilen tanyşdy.