Turkmenportal logo
Düýn 23:22
25562556
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen ABŞ-nyň wekillerini kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň goşun ministri Daniel Driskolly hem-de ABŞ-nyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili, ABŞ-nyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Serhio Gory kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Myhmanlar wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyklaryny beýan edip, ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky syýasy, ykdysady, ynsanperwer ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigi aýdyldy.

Söhbetdeşler syýasy-diplomatik gatnaşyklary bellemek bilen, soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda işjeň syýasy dialogyň alnyp barylýandygyny bellediler. Bu bolsa durnukly ösüşi, howpsuzlygy üpjün etmek, howanyň üýtgemegi ýaly ählumumy meseleler boýunça netijeli pikir alyşmaga mümkinçilik berýär.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň wekilleri özara düşünişmäge, ynanyşmaga esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk hem ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.