Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara derejeli olimpiadalar geçiriler. Bu barada şu günki sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa hasabat berdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şu ýylyň mart aýynyň dowamynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda «Materiallaryň garşylygy» dersinden V açyk halkara internet olimpiadasyny, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde VI açyk halkara matematika olimpiadasyny, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Nazary mehanika» dersinden V açyk halkara internet olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Olimpiadalara ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň alymlary, professor-mugallymlary we talyplary bilen bir hatarda dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Türkmenistanda bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilip, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga uly üns berilýändigini we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň berkidilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutany ýurduň degişli ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary geçirmek hakyndaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.