Häzirki wagtda Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherçesinde geçiriljek «EXPO – 2027» bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde N.Atagulyýew hasabat berdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, «Oýun adamzat üçin, sport we saz hemmeler üçin» diýen mowzuk esasynda geçiriljek sergä Türkmenistanyň milli pawilionynyň «Türkmenistan parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany» diýen şygar bilen gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy hem-de Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek «EXPO – 2027» bütindünýä sergisine taýýarlyk görmegi we bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.