Turkmenportal logo
Düýn 19:12
41714171
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynda başlyklygy kabul etdi
Surat: mfa.gov.tm

22-nji ýanwarda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ýerine ýetiriji komitetiniň Moskwa şäherindäki edarasynda Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň çäklerindäki ilkinji çäre – GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynyň mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.

Duşuşykda çykyş eden Türkmenistanyň ygtyýarly wekili, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi we Ykdysady meseleler boýunça toparynyň başlygy E.Aýdogdyýew Türkmenistanyň bilelikde amala aşyrylmaly wezipeleriň möçberine we derejesine doly düşünmek bilen, bu möhüm işe ýokary jogapkärçilik bilen çemeleşýändigini nygtady.

E.Aýdogdyýew ýygnanlary 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýanyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Syýasy ulgamda döwletiň işiniň sebitleýin howpsuzlygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga, bitaraplyk ýörelgelerini öňe sürmäge, GDA-nyň parahatçylykly dialog we özara düşünişmek üçin meýdança hökmündäki ornuny berkitmek maksady bilen, diplomatik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gönükdiriljekdigi nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan öz başlyklygyny ykdysady, ulag we energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny ilerletmek üçin ulanmagy maksat edinýär. Bu ýerde GDA-nyň ykdysady ösüşiniň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Strategiýasy esasy çelgi bolup durýar.

Ýewraziýa, Hazarýaka, Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar sebitleriniň çäklerini baglanyşdyrýan köpri hökmünde GDA-nyň logistika mümkinçiliklerine hem aýratyn üns berler. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan 2027-nji ýyly «GDA-nyň ulag arabaglanyşygynyň ýyly» diýip yglan etmegi teklip eder.

Ynsanperwerlik ugry Türkmenistanyň başlyklygynyň möhüm bölegi bolar. Türkmen tarapy bilim, ylym, medeniýet, syýahatçylyk we KHBS babatdaky hyzmatdaşlygyň özara düşünişmegi pugtalandyrmaga hem-de Arkalaşygyň halklarynyň ruhy mirasyny gorap saklamaga goşant goşýandygyndan ugur alýar.

E.Aýdogdyýewiň belleýşi ýaly, Türkmenistan däp boýunça ekologiýa meselelerine, durnukly ösüşe, hususan-da, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hem-de Hazar sebitiniň biodürlüligini goramak babatyndaky hyzmatdaşlyga uly üns berer. Şu nukdaýnazardan, 2026-njy ýylda Ikinji Hazar ekologiýa forumyny çagyrmak üçin tagalla ediler.

Sözüniň ahyrynda E.Aýdogdyýew Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklygynyň GDA-nyň deňhukukly hyzmatdaşlyk we ynanyşmak üçin meýdança hökmündäki ornuny ep-esli berkitmäge, agza döwletleriň arasyndaky ykdysady we ulag gatnaşyklaryny giňeltmäge, şeýle hem XXI asyryň derwaýys meselelerine täze çemeleşmeleriň utgaşdyrylmagyna hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.