Gruziýanyň geçen 2025-nji ýyldaky syýahatçylykdan girdejileri ýyllyk hasaplamada 6 göterim artyp, ABŞ-nyň 4,69 milliard dollaryna deň boldy. Bu rekord dereje diýip, ýurduň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrligi habar berdi.
Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary Irakliý Nadareişwiliniň bellemegine görä, ýurda Ýewropa Bileleşiginden, Beýik Britaniýadan, Pars aýlagy ýurtlaryndan, Ysraýyldan, Azerbaýjandan has köp jahankeşde geldi.