Turkmenportal logo
Düýn 17:48
83138313
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
FIFA-nyň bilermeni: Türkmenistan futbol zehinlerini ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir

Türkmenistan futbol zehinlerini ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Muny amala aşyrmak üçin sport infrastrukturasyny ösdürmek hem-de mekdeplerde futbol maksatnamalaryny ornaşdyrmak zerurdyr. Bu barada Aşgabatda geçirilen okuw-seminaryň dowamynda FIFA-nyň sebit boýunça tehniki geňeşçisi Gaýoz Darsadze žurnalistlere beýan etdi.

«FIFA-nyň maksatlarynyň biri futboly has global etmek we her bir zehine özüni görkezmäge mümkinçilik bermekdir. Munuň üçin dünýä boýunça futbolçylaryň sanyny artdyrmak zerur. Türkmenistanda, aýratyn-da Aşgabatda we welaýatlarda, uly mümkinçilikler bar» – diýip, bilermen belledi.

Darsadze Türkmenistanyň sebitlerinde zehinli futbolçylaryň bolup biljekdigini nygtamak bilen, olaryň ýüze çykarylmagy we ösdürilmegi üçin zerur şertleriň döredilmeginiň zerurdygyny belledi.

«Biz olary tapmaly, futbol oýnap bilmekleri üçin degişli gurşawy döretmeli, soňra bolsa häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän ugur boýunça ösmegine mümkinçilik bermeli» – diýip, ol aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu geljekde «Arkadag» futbol kluby ýaly professional klublary, şeýle-de Türkmenistanyň milli ýygyndysyny zehinli futbolçylar bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer. FIFA-nyň sebit geňeşçisi professional futbol üçin durnukly esas döretmekde höwesjeň futboluň ösdürilmeginiň aýratyn ähmiýetini belledi.

«Uzak möhletleýin geljekde höwesjeň futboluň ýagdaýyny gowulandyrmak we professional futbol üçin degişli platformany döretmek maksady bilen höwesjeň futboly ösdürmek hökmanydyr» – diýip, Darsadze düşündirdi.

Ekspert bu işde ähli gyzyklanýan taraplaryň hyzmatdaşlygynyň möhümdigini aýtdy. Esasy ugurlaryň hatarynda sport infrastrukturasynyň sanyny artdyrmagy we mekdeplerde futbol maksatnamalarynyň ornaşdyrylmagyny görkezdi.

«Bu maksatnamalaryň sanynyň artmagy ýurtda futbol bilen meşgullanýan oýunçylaryň sanynyň köpelmegine getirer. Bu aýratyn hem häzirki wagtda möhümdir, sebäbi häzirki döwürde çagalar tehnologiýalara has köp üns berýärler, emma olar sport bilen meşgullanyp, sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmalydyrlar» – diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Darsadze Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna futboly ösdürmäge berýän goldawy üçin hoşallygyny bildirdi.

«Türkmenistanda alnyp barylýan işleri, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň tehniki bölümleriniň ýerine ýetirýän işlerini görüp, men muňa diýseň begenýärin. «Arkadagyň» gazanýan üstünlikleri haýran galdyrýar, bu hakykatdanam ajaýyp. Futbolyň ösüşine goşan goşantlary üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirýärin» – diýip, futbol bilermeni aýtdy.

Darsadzeniň sözlerine görä, FIFA-nyň bilermenleriniň Türkmenistana saparynyň maksady ýurtda futbolyň geljekki ösüşine gönükdirilendir. FIFA dünýäniň 185 ýurdunda höwesjeň futbol gurşawyna seljerme geçirip, onuň netijelerini milli federasiýalara ýetirýär.

«Biz bu seljerme materiallaryny hödürledik, federasiýa bolsa eýýäm käbir ädimleri ätdi, birnäçe meseleler çözüldi. Biz höwesjeň futboly ösdürmäge gyzyklanýan taraplaryň köpdügini görýäris» – diýip, sebit geňeşçisi belledi.

Bilermen şeýle-de FIFA-nyň «Zehinleri ösdürmek ulgamy» maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Futbol federasiýasy we onuň tehniki bölümi bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdy. Ýakynda häzirki zaman şertlerinde zehinleri anyklamaga bagyşlanan worskşop geçirildi.

AFC Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynda geçiriljek «Arkadag» bilen «Al-Nasr» klublarynyň arasyndaky duşuşyk barada aýdyp, Darsadze türkmen klubyna üstünlik arzuw etdi.

«Men «Arkadaga» diňe üstünlikler arzuw edýärin. Siziň öňüňizde «Arkadagyň» janköýerleriniň biri dur – men siziň bilen bile tolgunaryn. Men siziň wepaly janköýeriňiz we dostuňyzdyr» – diýip, ol çykyşynda belledi.

Bilermenleriň sapary barada

FIFA-nyň sebit tehniki geňeşçileri Gaýoz Darsadze we Raimondas Statkewiçýus Türkmenistanda höwesjeň futbol gurşawynyň seljermesine bagyşlanan okuw-seminarlaryny geçirýärler. Anna güni «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda FIFA-nyň bilermenleriniň, sport guramalarynyň wekilleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gatnaşmagynda okuw-seminary geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda höwesjeň futbolyň häzirki ýagdaýy we ösüş derejesi, durmuşa geçirilýän taslamalar, geljekki meýilnamalar we ileri tutulýan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar sebitlerde höwesjeň futboly ösdürmegiň iň netijeli ýollary, köpçülikleýin futbol çärelerini guramak mümkinçilikleri hem-de öňdebaryjy halkara tejribäni milli tejribä ornaşdyrmagyň ähmiýeti barada pikir alyşdylar.