Turkmenportal logo
Düýn 17:33
48294829
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ilçisi GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy
Surat: mfa.gov.tm

22-nji ýanwarda E.Aýdogdyýew bilen GDA-nyň Baş sekretary S.Lebedewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerindäki bilelikdäki işler hem-de meýilleşdirilen çäreleriň ýokary mazmun we guramaçylyk derejesinde geçirilmegi barada pikir alşyldy.

S.Lebedew ilçini Türkmenistanyň işini üstünlikli amala aşyrmak we ýurduň GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynyň düzgünlerini durmuşa geçirmek babatynda Ýerine ýetiriji komitetiň ähli zerur ýardamlary berjekdigine ynandyrdy.