Turkmenportal logo
Şu gün 14:47
37133713
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ankarada 2026-njy ýylyň şygary we türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy tarapyndan Ankarada şu ýylyň  «Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi. Çäre şeýle hem iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirildi.

Maslahat Ankaranyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirildi. Oňa Türkiýäniň ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri, diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň, seljeriş merkezleriniň, ylmy jemgyýetiň, türkmen diasporasynyň wekilleri, talyplar we žurnalistler gatnaşdylar.

Birinji mejlisiň dowamynda çykyş edenler 2026-njy ýylyň şygarynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen geçen ýylyň pikirleriniň dowamydygyny bellediler. Şeýle hem şygaryň nyşanlarynyň ýurduň taryhy däpleri we häzirki döwürdeki hakykatlary bilen baglanyşyklydygy nygtaldy.

Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna aýratyn üns berildi. Hususan-da, 2028-nji ýyly Halkara hukuk ýyly diýlip yglan etmek baradaky teklip ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna taýýarlyk görmek meseleleri barada pikir alşyldy.

Maslahatyň ikinji mejlisiniň çäklerinde gatnaşyjylar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Olaryň hatarynda nebiti-gaz we himiýa pudagy, oba hojalyk senagat toplumy, ulag we logistika, telekommunikasiýalar hem-de maglumat tehnologiýalary görkezildi. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň hususy pudagy ösdürmek we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin amatly şertleri döredýändigi bellenildi.