Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Eduards Stipraýs bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Mejlisiň resmi saýtynda habar berildi.
Duşuşykda myhman Türkmenistanyň alyp barýan içeri hem-de parahatsöýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary we milli Parlamentiň alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy. Halkara guramalar, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigi bellenildi.
Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda soňky ýyllarda gazanylan ylalaşyklaryň, kanun çykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmagyň, şeýle hem ýurdumyzyň Ýewropa döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklarynyň döwrebap binýadyny kemala getirmäge ýardam edýän parlament duşuşyklarynyň hem-de bilelikde geçirilýän okuw maslahatlarynyň ähmiýetini bellediler.
Duşuşygyň barşynda Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda parlamentara hyzmatdaşlygyň çäginde geçirilýän çäreleriň ähmiýetine aýratyn üns berlip, olaryň hatarynda «Ýewropa Bileleşigi – Тürkmenistan» parlamentara dialogynyň geçirilmeginiň özara tejribe alyşmaga hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýändigi nygtaldy.