Turkmenportal logo
Düýn 22:19
73337333
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
SPECA hepdeliginiň çäklerinde Aşgabatda geçirilen ykdysady forum öz işini tamamlady

Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde Aşgabatda geçirilen ykdysady forum öz işini tamamlady. Ol Türkmenistanyň SPECA agza beýleki döwletler bilen bilelikde sebitde mundan beýläk-de ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen maksatlara ýetmek ugrunda yzygiderli tagallalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmäge ýardam edýändigini ýüze çykardy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Forumyň jemleýji gününiň işi hem netijeli häsiýete eýe boldy. Çünki daşary ýurtlaryň giň wekilçilikli düzüminiň gatnaşmagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde geçirilen ykdysady forum Ýewraziýa giňişligine ykdysady hyzmatdaşlygyň täze gurluşyny döretmegiň mümkinçiliklerine hemmetaraplaýyn garamaga mümkinçilik berdi. Forumyň ikinji gününde «BMG-niň standartlaryny ulanmak bilen sanly söwda ykdysady geçelgeleri» atly dördünji bölümiň mejlisi geçirildi. Mejlisiň işi sanly ulgam arkaly çykyşlar bilen utgaşdyryldy. Mejlise gatnaşyjylar gümrük, söwda amallaryna BMG-niň öňdebaryjy standartlaryny ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtadylar. Maglumat alyşmalarynyň sanlylaşdyrylmagy ýük daşamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmakda esasy şertleriň biri bolup durýandygyny nygtadylar hem-de ulag-logistika düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn üns çekdiler.

Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul edildi.