Turkmenportal logo
Düýn 12:33
97109710
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Bütindünýä türk diller maşgalasynyň güni bellenildi

21-nji ýanwarda Aşgabatda Türkiýäniň ilçihanasynyň medeni merkezinde ÝUNESKO tarapyndan 15-nji dekabrda yglan edilen Bütindünýä türk diller maşgalasynyň gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.

Çärä Türkiýäniň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň ilçileri, Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow, döwlet edaralarynyň wekilleri, talyplar hem-de žurnalistler gatnaşdylar.

Çäräni açmak bilen Türkiýäniň ilçisi Ahmet Demirok saýlanan senäniň taryhy ähmiýetini ýatlatdy. 132 ýyl ozal, 1893-nji ýylyň 15-nji dekabrynda daniýaly dilçi alym Wilgelm Tomsen Orhon ýazgylarynyň türk dilinde ýazylandygyny yglan edip, türk halklarynyň gadymy kökleriniň we ýazuw taryhynyň bardygyny subut edipdi.

Ilçi ÝUNESKO tarapyndan bu senäniň ykrar edilmeginiň türki dilli  döwletleriň bilelikdäki tagallalarynyň netijesidigini belledi. Bu karar 2025-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň ýolbaşçylygynda 26 döwletiň goldaw bermegi bilen kabul edildi.

Ahmet Demirok türk dilleri maşgalasynyň Adriatik deňzinden Beýik Hytaý diwaryna çenli giňişlikde ýaşaýan takmynan 200 million adamy birleşdirýändigini nygtady. Şeýle hem ol Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllaryndan bäri milli dili we medeniýeti gorap saklamakda hem-de ösdürmekde eýeleýän aýratyn ornuny, şeýle-de türk dilleriniň deňeşdirmek arkaly öwrenilişine türkmen dilçi alymlarynyň goşandyny belläp geçdi.

Çykyşynyň dowamynda diplomat Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ene diliň goralmagyna we ösdürilmegine goşulan uly goşant üçin minnetdarlyk bildirdi.

Çärä gatnaşanlar türk dilleriniň taryhy dowamlylygyny gorap saklamak, olaryň şiweleriniň köpdürlüligini hem-de medeni mirasy geljek nesillere geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.