Turkmenportal logo
21.01.26
1903519035
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylary we işgärleri sylaglanylar

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, onuň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryny we işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak, olara harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek barada degişli resminamalara gol çekdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisiniň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Watan goragçylarynyň ata Watana wepaly gulluk edip, onuň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini we konstitusion gurluşyny ygtybarly gorajakdyklaryna, kanunçylygy üpjün etmek, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini goramak wezipelerini yhlas bilen ýerine ýetirjekdiklerine berk ynam bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli harby gullukçylaryny, işgärlerini ýetip gelýän Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.