2025-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasyna (SPEKA) gatnaşyjy döwletler bilen özara söwdasynyň möçberi 2,2 milliard amerikan dollaryndan geçip, 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 15 göterim ýokarlandy. Bu barada Aşgabatda geçirilýän SPEKA-nyň Ykdysady forumynda çykyş eden Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Babanyýaz Ýalakow habar berdi.
«2025-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň SPEKA ýurtlary bilen söwda dolanyşygynyň möçberiniň döwletleriň köpüsi bilen artmagy we umumylykda 2,2 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolmagy guwandyryjydyr» diýip, ministriň orunbasary belledi. Onuň sözlerine görä, bu oňyn ösüş Türkmenistanyň Döwlet statistika komitetiniň maglumatlary bilen hem tassyklanýar: sebit ýurtlarynyň ýurduň daşary söwda dolanşygyndaky paýy 2024-nji ýylda 9,6 göterim bolanlygyndan 11 göterime çenli ýokarlandy.
B.Ýalakow SPEKA-nyň 2024-2025-nji ýyllar üçin iş meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Aşgabadyň esasy tagallalarynyň gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady özüne çekiji bolmagyny ýokarlandyrmak üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendigini nygtady. Özara bähbitli ulag ugurlaryny ösdürmäge we söwda päsgelçiliklerini aradan aýyrmaga aýratyn üns berildi.
«Emäle gelen oňyn dinamika gatnaşyklary has-da berkitmek üçin, şol sanda söwda akymlaryny giňeltmek, durnukly ulag ulgamyny höweslendirmek we sebitde ulag arabaglanyşygyny gowulandyrmak üçin berk binýat döredýär» diýip, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekili sözüniň üstüni ýetirdi.
Ykdysady forum Aşgabatda 21-22-nji ýanwarda SPEKA-nyň hepdeliginiň çäklerinde geçirilýär. 1998-nji ýylda esaslandyrylan bu maksatnama Azerbaýjany, Owganystany, Gazagystany, Gyrgyzystany, Täjigistany, Türkmenistany we Özbegistany öz içine alýar. Onuň esasy maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagyna ýardam bermekden we sebitara hyzmatdaşlygy berkitmekden ybaratdyr.