Daşoguz welaýat merkeziniň senagat we söwda kärhanalarynyň, durmuş maksatly täze binalar toplumynyň ýerleşýän künjeginde «Atalyk gurluşyk» hususy kärhanasynyň işçi-hünärmenleri köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk işlerini alyp barýarlar.
«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, şäheriň Magtymguly şaýolunyň ugrundaky täze binalaryň uzyn hataryna sazlaşykly goşulýan bu toplumda, esasan, 7 hem-de 5 gatly jaýlaryň 12-si gurulýar. Welaýat merkeziniň günorta-günbatar böleginde hem ähli amatlyklary bolan, köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň täze toplumy emele gelýär. Bu ýerde döwlet kärhanalary hem hususy kärhanalar tarapyndan ähli amatlyklary bolan, her biri 16 we 24 öýli, dört gatly ýaşaýyş jaýlary gurulýar.
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» kärhanasy tarapyndan gurlan iri panelli, köp öýli ýaşaýyş jaýlary welaýat merkeziniň görküne görk goşdy. Ençeme ýyl bäri jaý gurluşygynda netijeli işleýän «Bagtyýarlyk» hususy kärhanasynyň ussat gurluşykçylary hem şäheriň Azatlyk köçesiniň ugrunda 4 gatly, 24 öýli täze jaýy ýokary hilli bina etdiler. Şäher bedew batly döwrüň ruhunda gülläp ösýär, barha gözelleşýär. Welaýatdaky howa menzilini aralap geçýän ýoluň ugrunda 7 gatly, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň 42-sini gurmak göz öňünde tutulýar.