«Aşgabat» kinoteatrynda hindi kinosynyň festiwaly açyldy. Festiwal 24-nji ýanwara çenli dowam eder. Çäräniň guramaçylary bolup Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Hindistanyň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi bilen bilelikde çykyş edýär.
Filmiň görkezilişine başlamazdan ozal kinoteatryň eýwanynda tematiki bildirişleriň sergisi guraldy. Festiwalyň dabaraly açylyşy Täçnabat Ýomudowanyň çykyşy bilen utgaşdy, ol hindi milli aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.
Festiwalyň maksatnamasyny režissýor S. Rajamauliniň telugu dilinde düşürilen «RRR» atly filmi bilen açyldy. Epiki mazmunly bu eser tomaşaçyny XX asyryň başlaryna alyp gidýär. Bu filmde kolonial geçmiş döwründe öz halkynyň bähbitlerini gorap çykyş eden iki gahrymanyň dostlugy hakynda gürrüň berilýär.
Hepdäniň ahyryna çenli tomaşaçylar hindi kinematografiýasynyň nusgawy eserlerini hem-de häzirki zaman filmlerini görüp bilerler. 21-nji ýanwarda sagat 11:00-da «Zita we Gita» (1972), sagat 17:00-da bolsa «12-nji şowsuzlyk» (2023) filmi görkeziler. 22-nji ýanwarda maksatnamada «Disko tansçy» (1982) we «83» (2021) filmleri bar. 23-nji ýanwarda «Ar alyş we kanun» (1975) hem-de «Rakşa Bandhan» (2022) filmleri görkeziler. Festiwal 24-nji ýanwarda sagat 11:00-da «Ingliš-wingliš» (2012) filmi bilen jemlener.
Ähli seanslara giriş mugtdyr.