Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýol geçelgesini döwrebaplaşdyrmagyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny (TYE) işläp taýýarlamak boýunça açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan etdi. Bu baradaky bildiriş «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edildi.
Bäsleşige TDYUM-001 belgisi berildi. Gatnaşmak üçin meňzeş taslamalary durmuşa geçirmekde tejribesi bolan ýöriteleşdirilen kompaniýalar çagyrylýar.
Bäsleşige gatnaşmak üçin dalaşgäriň doly adyny, guramaçylyk-hukuk görnüşini, hukuk salgysyny we hasap belgisini görkezip, arza bermeli, şeýle hem hasaba alyş we esaslandyryş resminamalarynyň göçürmelerini, ynanç hatyny we wekiliň pasportynyň nusgasyny tabşyrmaly. Arzalar şu salgyda kabul edilýär: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 162, 910-njy otag (9-njy gat).
Bäsleşik resminamalary üçin tender töleginiň hem-de pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär. Bäsleşik teklipleri diňe ministrligiň hasabyna töleg gelip gowuşandan soňra seljerilmäge kabul ediler.
Bildirişde ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalaryň resminamalarynyň seredilmäge kabul edilmeýändigi bellenilýär. Tehniki we söwda teklipleri aýratyn bukjalar görnüşinde tabşyrylmalydyr.
Arzalary kabul etmegiň soňky möhleti — bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamyndadyr. Resminamalar her gün sagat 9:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+99312) 39-06-27, 39-06-28;
Elektron poçta: int@railway.gov.tm.