Geçen 2025-nji ýylda Hytaýyň ilaty 3,39 million adam azalyp, 1,40489 milliard adama deň boldy. Bu barada ýurduň Döwlet statistika edarasynyň nutugynda aýdylýar. Hasabata laýyklykda, geçen ýyl Hytaýda 7,92 million çaga doguldy, 11,31 million adam aradan çykdy.
Hytaýyň erkek ilaty geçen ýylda 0,3 göterim – 716,85 million adama çenli, zenan ilaty 0,1 göterim – 688,04 milliona çenli azaldy.
Şunda 16-dan 59 ýaşa çenlileriň paýy 851,36 million adama deň bolup, bu bir ýyl öňdäkinden 0,7 göterim azdyr. Ýaşy 65-den geçýänleriň sany 1,5 göterim artdy (223,65 mln adam).
HHR-iň Döwlet statistika edarasy şäher ilatynyň 1 göterim (10,3 mln adam) artandygyny hasaba aldy, oba ýerlerinde 451,09 million raýat ýaşaýar diýlip, habarda bellenýär.