Turkmenportal logo
20.01.26
1460714607
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dünýä gorlarynda dollaryň paýy 20 ýylda iň pes derejä düşdi

Amerikan dollarynyň dünýä gorlaryndaky paýy soňky 20 ýylda iň pes derejä çenli, ýagny 40 göterime golaý aşaklady. Bu barada «The Kobeissi Letter» guramasyna salgylanýan «rg.ru» habar berdi.

Soňky 10 ýylda dollaryň paýynyň 8 göterim peselendigi, dünýä gorlarynda altynyň ýewro, funt sterling we iýen ýaly hümmetli pullaryň jeminden hem köp bölegi eýeleýändigi bellenýär. Munuň sebäbi dünýäniň Merkezi banklarynyň aktiwlerini diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly dollardan ýüz öwürmek üçin altyny öz saklawhanalarynda barha köp toplaýandyklary bilen düşündirilýär. Netijede, geçen ýyl altynyň bahasy 65 göterim gymmatlady. Bu 1979-njy ýyldan bäri iň ýokary ösüşdir, Şunuň bilen birlikde, ABŞ-nyň dollarynyň indeksi sekiz ýylda iň ýaramaz ýyllyk netijäni görkezdi, ol 9,4 göterim peseldi.