Turkmenportal logo
20.01.26
1844418444
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Owganystanly telekeçiler Türkmenistanyň biržasynda türkmen karbamidini satyn aldylar

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 19-njy ýanwarda daşarky bazarda geçirilen söwdalaşyklaryň barşynda jemi 4 million 300 müň ABŞ-nyň dollary möçberinde üç sany eksport geleşigi baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Owganystanly telekeçiler «Türkmenhimiýa» döwlet konserninden «B» kysymly karbamidi satyn aldylar. Azerbaýjanly işewürler türkmen telekeçileri bilen nah ýüplügini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Mundan başga-da, Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri portlandsementi satyn almak barada geleşikleri resmileşdirdiler.

Birža söwdalary daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň Türkmenistanyň himiýa senagatynyň önümlerine hem-de gurluşyk materiallaryna bolan durnukly gyzyklanmasynyň bardygyna şaýatlyk edýär.