Soňky günlerde adamlara akulalaryň hüjüm etmegi bilen baglanyşykly birnäçe hadysadan soň Awstraliýanyň Sidneý şäheriniň kenar ýakasyndaky suwa düşülýän ýerleriň 20-si wagtlaýyn ýapyldy. Bu barada 9News saýty habar berýär.
Kenar ýakasyndaky suwa düşülýän ýerleri ýapmak baradaky karar 19-njy ýanwarda bolup geçen waka bilen baglylykda kabul edildi. Şol gün şäheriň demirgazyk kenarlarynda, çak edilişine görä, ýasy agyzly akula 11 ýaşly oglanjygyň serfing tagtasyna hüjüm edipdir. Ondan bir gün öň bolsa, 18-nji ýanwarda Sidneýiň gündogar bölegindäki kenaryň birinde 12 ýaşly ýetginjek şikes alýar. Şeýle hem 19-njy ýanwarda Menli etrabynyň Nort-Sten suwa düşülýän kenarynda akula takmynan 20 ýaşly erkek kişiniň aýagyndan dişläpdir.
Bu hüjümleriň tapgyry şäherde ýaňy-ýakyndaky güýçli tupanlar we ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşmalarynyň täsiriniň astynda bolup geçdi. Häkimiýetler dynç alýanlary howpsuzlyk çärelerini berk berjaý etmäge çagyrýarlar hem-de kenar ýakalaryndaky suwa düşülýän ýerleriň ýapylmagy bilen bagly ýagdaýyň yzygiderli gözden geçiriljekdigini mälim etdiler.
Kenar ýakasyndaky suwa düşülýän ýerler ýörite karar kabul edilýänçä ýapyk bolmagynda galar.