Turkmenportal logo
20.01.26
2324123241
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda XXII Halkara Žautykow olimpiadasynyň ýeňijileri sylaglandy

Aşgabat şäheriniň 135-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde 10–14-nji ýanwar aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen matematika, fizika we informatika boýunça XXII Halkara Žautykow olimpiadasynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Dabaranyň dowamynda olimpiadanyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň adyndan gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Şeýle abraýly halkara bäsleşikde ýaş türkmen okuwçylarynyň gazanan ýeňşi 2026-njy ýylda ýurduň okuwçy ýaşlarynyň ilkinji halkara üstünlikleriniň biri boldy.

Ýatladyp geçsek, matematika, fizika we informatika boýunça XXII Halkara Žautykow olimpiadasynda Türkmenistandan gatnaşan mekdep okuwçylary jemi 16 medal gazandylar: 1 altyn, 4 kümüş we 11 bürünç medal.