«Indonesia Air Transport» awiakompaniýasynyň radarlardan ýiten uçary halas edijiler tarapyndan Indoneziýanyň günorta Sulawesi ülkesindäki Bulusaraung dagynyň üstünden tapyldy. Bu barada «Antara» agentligi habar berdi.
Geçen şenbede aragatnaşyk kesilen uçarda ekipažy hem goşmak bilen, Deňiz hojalygy we balykçylyk ministrliginiň işgärlerinden ybarat bolan 11 ýolagçy bardy.
Biraz soňrak uçaryň ýolagçylarynyň biriniň jesediniň tapylandygy habar berildi.