Turkmenportal logo
19.01.26
1818118181
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Grenlandiýanyň bahasy 80 ýylda 420 esse gymmatlady

Grenlandiýa adasynyň bahasy 80 ýylda 420 gezekden kän gymmatlady diýip, açyk maglumatlara salgylanýan «RIA Nowosti» ýazýar.

Mysal üçin, Ikinji jahan urşundan soňra 1946-njy ýylda amerikan Prezidenti Garri Trumen Daniýadan adany 100 million dollarlyk altyn töläp satyn almakçy bolupdyr. Bu habar 1991-nji ýylda belli boldy.

«NBC» teleýaýlymy häzirki wagtda Ştatlara adany satyn almagyň 700 milliard dollara düşjekdigini habar berdi.

1953-nji ýyla çenli Grenlandiýa Daniýanyň golastynda boldy, ol heniz hem öz-özüni dolandyrmak we içki syýasatyny kesgitlemek şertlerinde özbaşdak hukugynyň eýesi bolmak bilen, Patyşalygyň düzümindedir. Ada bu hukuga 2009-njy ýylda eýe boldy.

Ikinji möhlete döwlet başyna gelende, amerikan lideri Donald Tramp Grenlandiýanyň ABŞ-nyň bölegi bolmalydygyny birnäçe gezek belledi.