Duşenbe gijesi astronomlar Günde X derejeli — gün alawlarynyň iň güýçli görnüşine degişli bolan alawlanmany hasaba aldylar. Bu hadysa koronal massanyň zyňylmagy bilen utgaşyp, onuň Ýerimize tarap gönükdirilendigi habar berilýär — diýip, MIR24 saýty ýazýar.
Astrofizikleriň hasaplamalaryna görä, plazma buludy sişenbe güni günortana golaý Ýere ýetmegi ahmal. Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň hünärmenleri G4 derejesindäki magnit tupanynyň döremek ähtimallygyny çaklaýarlar. Bu bolsa güýçli geomagnit üýtgemelerine laýyk gelýär.
Şeýle hadysalar hemra ulgamlarynyň, radioaragatnaşygyň we dolandyryş nawigasiýa enjamlarynyň işine täsir edip biler. Howa ýagdaýlaryna duýgur adamlara seresap bolmak, zerur bolan ýagdaýynda öňüni alyş çärelerini görmek maslahat berilýär.