Awstraliýada ýaşy 16-dan kiçi bolan çagalaryň 4,7 million sany akkaunty ýapyldy. Internet-jemgyýetlerde çagalara gatnaşmagy gadagan edýän kanun geçen ýylyň dekabrynda güýje girdi. Bu barada Awstraliýanyň Hökümetindäki internetde howpsuzlyk boýunça komissaryň edarasyna salgylanýan «MIR 24» habar berdi.
Kanuny durmuşa geçirmek jogapkärçiligi internet hyzmatlary gulluklaryň üstüne ýüklendi. Olar täze çaga akkauntlarynyň döredilmeginiň öňüni almaga we öň bar bolanlary aýyrmaga borçly edildi, eger talap berjaý edilmese, olara 32,9 million dollar jerime yglan edildi.
2024-nji ýylda Awstraliýanyň Mejlisi 16 ýaşdan kiçi çagalara we ýetginjeklere sosial torlardan peýdalanmagy gadagan edýän kanun taslamasyny makullady. Geçen ýylyň noýabrynda birnäçe ýetginjekler kazyýete bu gadaganlygy ýatyrmak barada ýüz tutdular.