Turkmenportal logo
19.01.26
1503915039
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti sport iýmitleri bilen üpjün etmek boýunça tender-bäsleşigini yglan etdi

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti degişli halkara guramalaryň degişli şahadatnamasyna eýe bolan öndürijilerden sport iýmitlerini we ýörite iýmit goşundylaryny satyn almak hem-de olary ýurduň çägine getirip bermek boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin tender-bäsleşigini yglan etdi.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýüz tutmalar 16-njy fewrala çenli Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň binasynda kabul edilýär. Komitetiň salgysy: Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, jaý 54.

Goşmaça maglumatlary almak üçin şu telefon belgisine ýüz tutup bilersiňiz: 39-98-15.