Turkmenportal logo
18.01.26
2606626066
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly mekdep okuwçylary XXII halkara Žautykow olimpiadasynda 16 medala mynasyp boldular 
Surat: Surat: education.gov.tm

10 — 14-nji ýanwar aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde XXII halkara Žautykow olimpiadasy geçirildi. Matematika, fizika we informatika dersleri boýunça geçirilen bäsleşikde Türkmenistana wekilçilik eden okuwçylaryň 28-si ýokary taýýarlykly çykyş edip, jemi 16 medala eýe boldular. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi. 

Matematika dersi boýunça Aşgabat şäheriniň 86-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Hemra Gurbanow altyn, Mälikşa Meýlismyradow (86-njy mekdep), Myrat Ruslanow (97-nji mekdep) we Selim Hommatdurdyýew (135-nji mekdep) kümüş medallary eýelediler. Şol ders boýunça Seýitgeldi Hojamuhammedow (83-nji mekdep), Sanjar Hojanyýazow we Söýünmuhammet Geldimämmedow (49-njy mekdep), Begli Işanmyradow we Kümüş Nobatowa (86-njy mekdep) hem-de Daşoguz şäherinden Begenç Gummanow (26-njy mekdep) bürünç medallara mynasyp boldular.

Fizika boýunça Mary welaýatynyň Şatlyk şäherinden Döwlet Annamyradow kümüş, Nurgeldi Annagurdow (79-njy mekdep) we Aýsenem Kakamyradowa (Mary ş. 10-njy mekdep) bürünç medallary gazanmagy başardylar. Informatika dersi boýunça bolsa Hojamuhammet Hydyrow we Yhlas Annamyradow (86-njy mekdep) hem-de Kasym Köçekow (135-nji mekdep) bürünç medallary eýelediler.