Turkmenportal logo
17.01.26
2720527205
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Frankfurtda geçirilen «Heimtextil» sergisiniň netijeleri boýunça dokma önümlerini ibermek barada şertnamalary baglaşdy

Türkmenistan Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde geçirilen «Heimtextil 2026» halkara sergisine gatnaşdy. Onuň jemleri boýunça dokma önümlerini ibermek barada ylalaşyklar gazanyldy we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen birnäçe şertnamalar baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.

Dokma senagaty ministri Nurmuhammet Orazgeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti işewür toparlaryň wekilleri we alyjylar bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşyklaryň dowamynda türkmen dokma önümlerini eksport etmek boýunça anyk ylalaşyklar gazanyldy.

Dokma senagaty ministrligi milli pawilýonda ýurduň öndürijileriniň tebigy pagtadan taýýarlan önümlerini hödürläp, türkmen dokma pudagynyň hilini we mümkinçiliklerini görkezdi.

Serginiň çäginde türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy «Rieter» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşdy. Taraplar ýüplük bazaryndaky ýagdaýy we ösüp barýan bazarda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

«Heimtextil» — öý tekstili pudagynda dünýäniň iň iri sergileriniň biridir. Şu ýyl oňa 65-den gowrak ýurtdan 3 müňden gowrak kompaniýa gatnaşyp, olar interýer bezeglerinden başlap, myhmanhana segmenti üçin niýetlenen çözgütlere çenli giň görnüşli önümleri hödürlediler.