Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin AFK-nyň Çempionlar ligasy — 2 bäsleşiginiň 1/8 finalynda Türkmenistanyň «Arkadag» we Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparlarynyň arasynda geçiriljek duşuşyga gatnaşmagy meýilleşdirýär. Bu barada diplomat žurnalistler üçin geçirilen brifingde habar berdi.
«Bu duşuşyk üçin petek satyn almaga isleg bildirýänler barada diplomatik wekilhanalara nota iberen Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine örän minnetdardyrys. Netijede ilçihanadan 108 adamyň ýazylandygyny aýdyp bilerin» diýip, Wolynkin belledi.
Diplomat Russiýanyň ilçihanasynyň futbol duşuşygyna uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. «Ronaldu gelse-gelmese, biz hökman şu düzümde bararys. Futboluň özi örän gyzykly, halkara duşuşyklar bolsa ondan hem beter. «Arkadag» ýaly topara tomaşa etmek biz üçin uly bagt» diýip, ilçi belledi.
Wolynkin özüniň futbola bolan höwesinden hem söz açdy. «Hut özümiň sportuň ähli görnüşine uly gyzyklanmam bar. Futbola bolan garaýşym bolsa has üýtgeşik diýseňem bolar. Russiýanyň çempionatyny-da, Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatyny-da üns bilen yzarlaýaryn. Köp sanly futbol duşuşyklarynda, şol sanda dünýä futbolynyň ýyldyzlarynyň gatnaşmagyndaky oýunlarda boldum» diýip, diplomat belledi.
Wolynkin şeýle hem çagalygyndan bäri Moskwaň «Spartak» toparyna janköýerlik edýändigini aýtdy. «Bu maňa kakamdan geçdi, sebäbi ol wagtynda doganlar Starostinler bilen gatnaşýardy we olar bilen goňşuçylykda ýaşapdy. Şonuň üçin bu kluba bolan gyzyklanma kakamdan galypdy we şol duýgulary maňa hem geçirdi» diýip, diplomat düşündirdi.
AFK — 2 ligasynyň 1/8 finalynyň «Arkadag» we «Al-Nasr» toparlarynyň arasyndaky duşuşygy 11-nji fewralda sagat 18:45-de Aşgabadyň «Olimpiýa» stadionynda geçiriler. Petekleriň resmi satuwy heniz başlanmady.