Turkmenportal logo
Şu gün 16:58
74327432
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«TSS»: Türkmenistanda howpsuzlyk we wideogözegçilik ulgamynda 15 ýylyň dowamynda öňdebaryjydyr
«TSS»: Türkmenistanda howpsuzlyk we wideogözegçilik ulgamynda 15 ýylyň dowamynda öňdebaryjydyr

«Tehniki Serişdeleriň Serwisi» (TSS) hojalyk jemgyýeti 15 ýylyň dowamyndaky iş tejribesi bilen Türkmenistanda howpsuzlyk ulgamlarynyň iň iri üpjün edijileriniň we integratorlarynyň birine öwrüldi. Kompaniýa Petronas, Dragon Oil we Schlumberger ýaly halkara korporasiýalaryň önümçilik meýdançalaryndan başlap, «akylly» Arkadag şäherindäki iri möçberli taslamalara çenli onlarça strategik ähmiýetli desgalaryň goragyny üstünlikli üpjün etdi.

TSS dünýäniň öňdebaryjy brendleri bolan Hikvision, ITC, Honeywell, Cisco we Axis kompaniýalarynyň ygtyýarly hyzmatdaşydyr. 50-den gowrak ýokary hünärli işgärden ybarat topar taslamalary düzmekden başlap, enjamlary üpjün etmek, gurnamak, işe girizmek we hyzmat etmek ýaly ornaşdyrmagyň doly tapgyryny amala aşyrýar.

Kompaniýa wideogözegçilik ulgamlary, ýangyn we gorag duýduryş abzallary , giriş-çykyş gözegçiligi, ses arkaly duýduryş ulgamlary, şeýle hem awtoduralgadaky çözgütleri boýunça ýöriteleşýär. TSS hojalyk jemgyýetiniň hyzmatlar ulgamyna senagat kärhanalary bilen birlikde ýaşaýyş toplumlary, bilim edaralary we söwda merkezleri ýaly jemgyýetçilik ähmiýetli desgalar hem girýär.

Öz maddy-tehniki binýadynyň bolmagy kompaniýa kepillik borçnamalaryny tiz ýerine ýetirmäge hem-de gurnama işleriniň ýokary hilini saklamaga mümkinçilik berýär.

TSS kompaniýasy sergi çärelerine işjeň gatnaşýar we Türkmenistanda öz pudagynda öňdebaryjy orny eýeleýär.

Habarlaşmak üçin: