Alymlar dünýäde häzirki bar bolan derýalaryň iň gadymysynyň Awstraliýadaky Finke derýasydygyny kesgitlediler. Onuň ýaşy 300-400 million ýyl diýip, «Belta.by» portaly ýazýar.
Çeşmeleriň zynjyry görnüşdäki derýa Demirgazyk we Günorta Awstraliýanyň içi bilen 640 kilometre uzaýar. Guraklyk sebäpli ol, köplenç, guraýar hem-de ýylyň köp böleginde biri-birinden üzňe suw howdanlaryny emele getirýär. Alnan ylmy netijeler derýanyň dewon (mundan 419—359 mln ýyl öň) ýa-da daşkömür (359 – 299 million ýyl öň) döwründe dörändigini görkezdi.
Derýanyň uzak «ömri» sebitiň tektoniki durnuklylygy we oligosen döwründe doňaklygyň bolmandygy bilen baglanyşdyrylýar. Bu ýagdaýlar derýa ulgamyna ösmäge we öz çäklerini giňeltmäge mümkinçilik beripdir. Emma geljekde Finke derýasyna guraklyk we suwuň adam tarapyndan bisarpa ulanylmagy sebäpli howp abanýar diýip, «Live Science» neşiri habar berýär.
