Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi Mariýa Korina Maçado özüniň medalyny Ak tamda kabul edişlikde ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa gowşurdy.
Maçado iki ýüz ýyl mundan öň bolan wakany – fransuz generaly Lafaýetiň Jorj Waşingtonyň keşbi şekillendirilen medaly Wenesuelanyň milli gahrymany Simon Boliwara berendigini ýatlady. Syýasatçy zenan bu barada söz açyp: «200 ýyl şondan soňra Boliwaryň halky ABŞ-nyň Prezidentine – Waşingtonyň nesline biziň azatlygymyzyň hatyrasyna çekýän zähmeti üçin Nobel baýragynyň medalyny gowşurýar» diýdi.
Birleşen Ştatlaryň döwlet Baştutany Maçado hoşallyk bildirmek bilen, ony «köp kynçylyklary ýeňip geçen ajaýyp zenan» hökmünde häsiýetlendirdi. Tramp «Truth Social» sosial torda bu waka «birek-birege hormat goýmagyň ajaýyp nyşany» diýip baha berdi.
Ýeri gelende aýtsak, Norwegiýanyň Nobel geňeşiniň düzgünnamasyna laýyklykda, parahatçylyk baýragy yzyna gaýdyp alynmaga ýa-da başga bir şahsa berilmäge degişli däldir.
Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy 2025-nji ýylyň oktýabrynda demokratiýany öňe sürmekdäki yhlasy üçin Mariýa Korina Maçado gowşuryldy. Şonda syýasatçy baýragyň öz halkyna degişlidigini nygtady.
