Turkmenportal logo
16.01.26
1899018990
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Arkadag» — «Al-Nasr» oýny üçin 500 sany meýletinçi talyp taýýarlyk görýär
Surat: Surat: www.tdbsi.edu.tm

11-nji fewralda AFK-nyň Çempionlar ligasy 2 ýaryşynyň 1/8 final tapgyrynyň çäklerinde Aşgabat şäherindäki «Olimpiýa» stadionynda Türkmenistanyň «Arkadag» futbol topary bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň «Al-Nasr» futbol klubunyň arasynda halkara derejeli futbol duşuşygy geçiriler. Bu duşuşyk ýurduň  sport durmuşynda möhüm wakalaryň biridir.

Duşuşygy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, daşary ýurtly myhmanlar, wekiliýetler, eminler, türgenler hem-de tomaşaçylar üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, giň möçberli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu ugurda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplaryndan 500 sany meýletinçi saýlanylyp alyndy.

Şeýle-de daşary ýurtly myhmanlar we futbol toparlary bilen işleşmek üçin daşary ýurt dillerini kämil bilýän 15 sany meýletinçiden ybarat ýörite topar, şeýle hem media hyzmatlaryna ýardam berjek sport žurnalistikasy hünäriniň 15 sany talybyndan düzülen meýletinçi media topary döredildi. Umumy meýletinçilik işlerine ýokary okuw mekdebiniň 50 sany mugallymy jogapkär edilip bellenildi.

Meýletinçileri taýýarlamak boýunça ýörite okuw sapaklary 2026-njy ýylyň 13 — 22-nji ýanwary aralygynda geçiriler. Okuwlaryň dowamynda meýletinçileriň sport ýaryşlaryndaky orny, etiketi, tomaşaçylar bilen netijeli aragatnaşyk, hyzmat medeniýeti, howpsuzlyk düzgünleri, adatdan daşary ýagdaýlarda hereket etmek hem-de halkara sport protokoly boýunça giňişleýin maglumatlar öwrediler.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilelikde AFK-nyň Çempionlar ligasy 2 ýaryşynyň çägindäki bu taryhy duşuşygy ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk işlerini dowam etdirýärler.