Futbol boýunça Afrikanyň milletler kubogynyň ýarym finalynda Marokkonyň milli ýygyndysy Nigeriýanyň ýygyndysyny penalti tapgyrynda ýeňmegi başardy. Bu futbol ýaryşy Marokkoda geçirilýär.
Oýnuň esasy we goşmaça wagty 0:0 hasaby bilen tamamlandy. Penalti tapgyrynda bolsa şowlulyk Marokkonyň futbolçylaryň tarapynda boldy, şeýlelikde duşuşyk 4:2 hasabynda tamamlandy.
Marokkonyň milli ýygyndysy Afrikanyň Kubogynyň finalyna 2004-nji ýyldan bäri ilkinji gezek çykdy. Şol ýyl Marokkonyň topary aýgytly duşuşykda Tunisiň ýygyndysyndan 1:2 hasaby bilen utulypdy. 1976-njy ýylda bolsa Marokkonyň milli ýygyndysy bu ýaryşyň ýeňijisi bolupdy.
Finalda Marokkonyň ýygyndysynyň garşydaşy Senegalyň topary bolar. Senegal ozal Müsüriň ýygyndysyny 1:0 hasaby bilen ýeňipdi. Senegal Afrikanyň Kubogynyň soňky dört ýaryşynyň üçüsinde finala çykypdy: 2019-njy ýylda olar çempionlyk duşuşygynda Alžirden 0:1 hasaby bilen utuldylar, 2022-nji ýylda bolsa penalti tapgyrynda Müsüri ýeňip (0:0, penaltide 4:2) Afrikanyň kubogyna mynasyp bolupdylar. 2024-nji ýylda Senegalyň ýygyndysy 1/8 finalda Kot-d’Iwuaryň ýygyndysyndan penalti tapgyrynda utuldy (1:1, penalti boýunça 4:5).
Ýaryşyň final duşuşygy 18-nji ýanwarda geçiriler. Bäsleşige Afrikanyň 24 ýurdunyň milli ýygyndylary gatnaşýar. Duşuşyklar Marokkonyň alty şäherinde geçirilýär.