Turkmenportal logo
Şu gün 15:10
59135913
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Hindi kinosynyň festiwaly geçiriler
Aşgabatda Hindi kinosynyň festiwaly geçiriler

Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Hindistanyň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi bilen bilelikde Hindi kinosynyň festiwalyny guraýar. Festiwal 2026-njy ýylyň 20–24-nji ýanwary aralygynda «Aşgabat» kinoteatrynda geçiriler.

Festiwalyň çäklerinde dürli žanrlara we döwürlere degişli bolan dokuz sany hindi filmi tomaşaçylara hödürlener:

20-nji ýanwar, sişenbe, 17:00 — «RRR: Töwerekde rewolýusiýa möwç alýar» (2022)

21-nji ýanwar, çarşenbe, 11:00 — «Zita we Gita» (1972)

21-nji ýanwar, çarşenbe, 17:00 — «12-nji şowsuzlyk» (2023)

22-nji ýanwar, penşenbe, 11:00 — «Disko tansçy» (1982)

22-nji ýanwar, penşenbe, 17:00 — «83» (2021)

23-nji ýanwar, anna, 11:00 — «Ar alyş we kanun» (1975)

23-nji ýanwar, anna, 17:00 — «Rakşa Bandhan» (2022)

24-nji ýanwar, Şenbe, 11:00 — «Ingliş-wingliş» (2012)

Filmleriň ählisine tomaşa etmek üçin giriş mugt