Bu günki günde Merkezi Aziýanyň buzluklary ählumumy maýlamanyň barha artýan täsirini başdan geçirýär. Ortaça ýyllyk temperaturanyň ýokarlanmagy dag ulgamlaryndaky gar örtüginiň meýdanynyň gysgalmagyna getirýär. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär.
Munuň özi örän uly meseledir, sebäbi buzluk-gar ulgamlarynyň durnuklylygy Amyderýanyň we Syrderýanyň – bäş ýurduň ýaşaýjylary bolan millionlarça adamyň ýaşaýyş-durmuşyny we ykdysady ösüşini üpjün edýärin serhetüsti derýalaryň basseýnleriniň suw deňagramlylygyna gönüden-göni baglydyr.
Türkmenistanyň çäklerinde Köpetdag we Köýtendag ýerleşýär. Bu daglar uly buzluklaryň ýokdugyna garamazdan, ýerli howanyň we gidrologik ýagdaýyň kemala gelmeginde möhüm orun eýeleýärler.
Bu daglarda wagtlaýyn emele gelýän gar örtügi dag etegindäki düzlükleri çyglylyk bilen üpjün edýän we özboluşly biodürlüligi saklaýan köp sanly suw akymlarynyň we ýerasty suwlaryň çeşmesi bolup hyzmat edýär.
Bu dag toplumlary ösümlik we haýwanat dünýäsiniň seýrek we endemik görnüşleri üçin pena bolup, möhüm ekoulgam wezipelerini ýerine ýetirýärler. Olaryň ösümlik örtügi topragy eroziýadan goraýar, akymlary we garyň eremegini saklaýar.
Türkmenistanyň günorta-günbatar serhediniň boýuna uzaýan Köpetdag landşaftlaryň we biologik jemgyýetleriň (biosenozlaryň) köpdürlüligi bilen häsiýetlendirilýär. Bu dag ulgamy endemik ösümlik we haýwan görnüşleriniň, şol sanda bars (leopard), dag tekeleri ýaly faunanyň wekilleriniň jemlenen merkezidir. Gar örtüginiň we oňa bagly gidrologik amallaryň goralyp saklanmagy, özboluşly biodürlüligi we ekoulgamlaryň durnuklylygyny saklamak, agaçlaryň, gyrymsy agaçlaryň hem-de birýyllyk we köpýyllyk otjumak ösümlikleriň köp görnüşlerini iýmitlendirmekde aýgytly ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň gündogarynda ýerleşýän Pamiro-Alaý dag ulgamy (Köýtendag) hem maý aýyna çenli saklanýan möwsümleýin gar örtügi bilen häsiýetlendirilýär. Ol hemişelik we wagtlaýyn derýa akymlarynyň kemala gelmegine hem-de çeşmeleriň akmagyna täsir edýär. Türkmenistanda diňe şu ýerde burma şahly geçi ýaşaýar.
Uly we Kiçi Balkan ýaly pesräk daglar hem özüniň gar örtügine eýedir. Bu ýerde özboluşly şertlere uýgunlaşan ösümlikleriň köp sanly görnüşi ösýär. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen görnüşler aýratyn orun tutýar.
Soňky ýyllarda alymlar Merkezi Aziýanyň daglarynda, şol sanda Türkmenistanda hem ýylyň pasyllarynyň çalşygynyň, ygalyň, aýratyn-da, garyň we ýagşyň mukdarynyň, garyň ereme möhletleriniň üýtgeýändigini belleýärler. Gar örtüginiň möwsümleýin üýtgemegi bahar paslyndaky gülleýän tebigaty üýtgedip, bizi tebigatyň gözelligini synlamak mümkinçiliginden mahrum edip biler.
Şu nukdaýnazardan, alymlar tebigatdaky ýagdaýa täsir etmek ýa-da ynsanyň hojalyk işlerini täzeden guramagyna kömek etmek maksady bilen, buzluklaryň ýagdaýyna we howa üýtgemeleriniň dag ekoulgamlaryna täsirine gözegçilik (monitoring) etmek üçin tagallalaryny birleşdirýärler we uzak möhletleýin bilelikdäki iş maksatnamalaryny düzýärler.
