Turkmenportal logo
Şu gün 13:55
32093209
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aziýanyň ösüş banky Türkmenistanda 500 million amerikan dollaryna deň bolan taslamasyny üstünlikli tamamlady
Aziýanyň ösüş banky Türkmenistanda 500 million amerikan dollaryna deň bolan taslamasyny üstünlikli tamamlady

2025-nji ýylyň iýun aýynda Aziýanyň ösüş banky (AÖB) Türkmenistanyň milli energiýa ulgamyny kämilleşdirmek boýunça bahasy 500 million amerikan dollaryna deň bolan giň möçberli taslamasyny üstünlikli tamamlady. Munuň özi halkara maliýe guramasynyň ýurduň energetika pudagynda 2018-nji ýylda başlan ilkinji taslamasydyr.

Taslamanyň çäginde dürli sebitlerde kuwwatlylygy 110, 220 we 500 kW bolan jemi 1400 kilometre golaý elektrik geçiriji ulgamlaryň gurluşygy, şeýle-de Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde 11 sany täze podstansiýanyň gurluşygy maliýeleşdirildi.

«Türkmenenergo» döwlet korporasiýasy hem goşmaça 175 million amerikan dollaryny bölüp bermek arkaly taslama uly goşant goşdy.

AÖB-niň berýän maglumatlaryna görä, taslamanyň amala aşyrylmagy milli energiýa ulgamynyň ygtybarlylygyny we bitewüligini ep-esli ýokarlandyrmaga, bitewi halkalaýyn ulgamy döretmäge, onuň howpsuzlygyny üpjün etmäge we elektrik energiýasynyň eksportynyň möçberini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berdi. Üstünligiň esasy görkezijileriniň biri elektrik energiýasynyň eksportynyň 2017-nji ýylda 3,4 TВт-sagat bolanlygyndan 2023-nji ýylda 9,3 TВт-sagada çenli artmagydyr.

«Taslama Türkmenistana elektrik energiýasyny geçirmek we goňşy ýurtlara eksport etmek düzümini gowulandyrmagyň hasabyna ykdysady ösüş we diwersifikasiýa mümkinçiliklerini açmaga kömek etdi» diýip, AÖB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň direktory Artur Andrysýak belledi.

«Türkmenenergo» döwlet korporasiýasynyň taslama düzmek, gurluşyk, satyn alyşlar, ekologiýa we durmuş kadalaryna eýermek, şeýle hem maliýe dolandyryşy boýunça ukyplary ep-esli güýçlendi indi desgalar halkara talaplaryna doly jogap berýär.

«Gurlan iri desgalar Türkmenistanyň energiýa ulgamyny birleşdirmäge, onuň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga, elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrmaga we bitewi halkalaýyn ulgamyň durnuklylygyny üpjün etmäge mümkinçilik berer» diýip, «Türkmenenergotaslama» taslama institutynyň direktory Rahymgeldi Aýmämmedow nygtady.

«Türkmenenergo» döwlet korporasiýasynyň uzak möhletleýin ösüş gullugynyň başlygynyň orunbasary Abdyrahman Myratdurdyýew AÖB bilen hyzmatdaşlygyň diňe bir täze elektrik geçiriji ulgamlaryň we podstansiýalaryň gurluşygyna däl, eýsem, türkmen hünärmenleriniň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna hem ýardam edendigini belledi.

Taslama resmi taýdan tamamlandy. Netijede has kuwwatly hem-de döwrebap energetika düzümi emele geldi. Bu düzüm ýurduň geljekki durnukly ösüşiniň we sebitdäki elektrik energiýasynyň söwdasynda tutýan ornunyň giňelmeginiň binýady bolar.