Tailandyň demirgazyk-gündogaryndaky Nakhonratçasima ülkesinde ýolagçy otlusynyň üstüne gurluşyk ýük göterijisiniň ýykylmagy netijesinde 28 adam gurban boldy, ejir çekenleriň sany 60 adamdan agdy. Bu barada ýurduň «Khaosod» gazeti habar berdi. Ýolagçy otlusynda heläkçilik wagty 190 ýolagçy bar ekeni.
Ýolagçy otlusy birdenkä demir ýoluň üstüne ýykylan gurluşyk krany bilen çakyşypdyr. Otly şol wagt ýokary tizlikde gelýän ekeni. Gurluşyk tehnikasy demir ýol estakadasynyň gurluşygynda peýdalanylypdyr. Netijede, kran ýykylyp, otly demir ýoldan çykypdyr we ýanypdyr. Ýolagçylar ýanýan wagonlarda gabawda galypdyrlar, ýangyn söndürijiler we halas edijiler bir wagtda hem ýangyny söndürmeli, hem-de metaly kesip, ýolagçylary halas etmeli bolupdyrlar. Heläkçilik Bangkogy ýurduň demirgazyk we demirgazyk-gündogar ülkeleri bilen birleşdirýän demir ýolda, paýtagtdan 250 kilometrlikde bolupdyr.
