14-nji ýanwarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory O.Öwezsähedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehaniniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar medeniýet hem-de ylym-bilim ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu barada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň resmi saýtynda habar berildi.
