«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherindäki «Garabogazkarbamid» zawodynyň hünärmenleri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji aýyny ýokary zähmet üstünliklerine besleýärler.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýurduň himiýa senagatyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan bu toplum 10 müň tonnalyk ammiak tohumyny, umumy sygymy 100 müň tonna karbamide deň bolan ammarlary, deňiz suwuny arassalaýjy we süýjediji desgany, elektrik energiýasyny öndürýän kuwwatly gaz turbina generatoryny, ýaşaýyş-durmuş, medeni maksatly desgalary, şonuň ýaly-da beýleki önümçilik düzümleriniň birnäçesini özünde jemleýär. Zawodyň önümçilik kuwwaty her ýylda ýokary hilli karbamidiň 1 million 155 müň tonnasyny, ammiagyň bolsa 660 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir.
Kärhananyň öndürýän ýokary hilli önümine bolan daşary bazardaky isleg barha artýar. Kuwwatly kärhana boýunça geçen ýylda 722 müň tonna karbamid döküni öndürilip, sarp edijilere ugradyldy. Häzirki wagtda kärhananyň önümleri Birleşen Arap Emirliklerine, Türkiýä, Owganystana, Singapura we Ýewropa döwletlerine satuwa ugradylýar. Geçen ýylda daşarky bazarlara ugradylan karbamid döküniniň möçberi 675 müň tonnadan geçdi. Munuň özi «Garabogazkarbamid» zawodynyň önümlerine islegiň barha artýandygyny görkezýän buýsançly hakykatdyr.
