Turkmenportal logo
Şu gün 09:56
26242624
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkiýede 15 ýaşdan kiçi çagalar üçin EA-ny ulanmagy gadagan etmekçi bolýarlar
Türkiýede 15 ýaşdan kiçi çagalar üçin EA-ny ulanmagy gadagan etmekçi bolýarlar

Türkiýäniň häkimiýetleri emeli aňy ulanmaga ýaş çäklendirmeleri girizmäge taýýarlyk görýärler: EA-priloženiýelere elýeterlilik 15 ýaşdan kiçi çagalar üçin gadagan ediler. Bu barada «Turkiye Gazetesi» habar berdi.

Şeýle çäklendirmeleri işläp taýýarlamaga ýetginjekler tarapyndan EA-nyň gödek şekilleri döretmek üçin peýdalanylmagy sebäp boldy we ol şekiller Türkiýede giň jemgyýetçilik nägileliligini döretdi diýlip, habarda bellenýär.

Täze karar bilen ugurdaşlykda, kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin sosial torlardan peýdalanmagy gadagan etmek barada kanun taslamasy taýýarlanýar we ol şu aýyň aýagyna çenli Parlamentiň garamagyna hödürlener.