Türkmenistanyň kenar gulluklary Hazar deňzinde SOS signalyny beren Eýranyň «Rona» atly ýük gämisiniň ekipažynyň 14 agzasyny halas etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň Metbugat gullugy habar berdi.
«2026-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Hazar deňzindäki kenar gulluklary betbagtçylyga uçraýan «Rona» atly eýran ýük gämisinden SOS signalyny aldylar» diýlip, habarda aýdylýar.
Türkmenistanyň adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň netijelerini aradan aýyrmak üçin jogapkär döwlet edaralary deňiz gatnawynyň halkara kadalaryna laýyklykda, adamlary halas etmek boýunça ähli zerur çäreleri gördi.
Dessin ýagdaýda geçirilen halas ediş çäresiniň netijesinde gämide bolan 14 adamyň ählisi halas edildi. Deslapky maglumatlara görä, olaryň arasynda Eýranyň we Hindistanyň raýatlary bar.
Häzirki wagtda türkmen tarapy halkara kadalarda göz öňünde tutulan degişli çäreleri geçirýär diýlip, Türkmenistanyň DIM-iniň habarynda bellenilýär.
