Turkmenportal logo
14.01.26
2845628456
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Airbus» 2025-nji ýylda 793 uçar ýerledi

Ýewropanyň «Airbus» uçargurluşyk konserni geçen ýylda dünýädäki 91 müşderä 793 sany raýat uçaryny ýerledi. Görkeziji 2024-nji ýyldakydan 3,5 göterim artdy (766 uçar) diýip, «INTERFAX.RU» ýazýar.

Şol sanda 2025-nji ýylda kompaniýa müşderilere A220 maşgalasyndan bolan darfýuzelýažly uçarlaryň 93-sini we 607 laýneri, şeýle-de giňfýuzelýažly A330 uçarlaryň 36-syny, A350 laýnerleriň 57-sini gowşurdy.

 Emma görkezijileriň 2019-njy ýyldaky kowidden öňki döwürdäkiden pes bolmagynda galýandygy habarda bellenýär (863 uçar).

 2025-nji ýylda sargytlaryň umumy sany 1000, sap sargytlaryň (ýüz öwürmeleri hasaba almak bilen) 889 uçara deň boldy.

Soňky 12  aýda «Airbus» konserniniň kapitalizasiýasy 40 göterime golaý artdy (171 mlrd ýewro).

«Airbus» 2025-nji ýylda 793 uçar ýerledi | Turkmenportal.com